Exodus 29:38-43
Gündelik gurbanlyklar
(Lewiler 6:8-13; Çölde 28:1-8)
38Ine, gurbanlyk sypasynda ýakyp bermeli gündelik gurbanlyklaryňyz: iki sany birýaşar tokly. 39Olaryň birini ertirine, beýlekisini agşamyna soý. 40Birinji tokly bilen bir okara ▼▼Bir okara – ýewreýçe efanyň ondan biri. Bu takm. 2 kg deňdir.
saýlama bugdaý ununa bir küýze ▼▼Bir küýze – ýewreýçe hiniň dörtden biri. Bu takm. 1 litre deňdir.
zeýtun ýagyny garyp ber. Bir küýze şerap guýup, içgi sadakasy üçin ulanyň. 41Agşamyna hem ertirine edişiň ýaly et. Beýleki toklyny soýup, onuň bilen hamyr we şerap ber. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar. 42Huzurymdaky Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde bu adaty ýakma gurbanlygyny nesilme-nesil ýerine ýetir. Siziň bilen gepleşmek üçin, ol ýerde Men siziň bilen duşuşaryn. 43Ol ýerde Men ysraýyllar bilen duşuşaryn. Ol ýer Meniň şöhratym bilen mukaddes bolar.
Copyright information for
TukLat16