‏ Ezra 1:1-4

Kureş patyşa ýahudalara ýurduna dolanmaga rugsat berýär

1 Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň
Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň – seret: Ýrm 25:11-14; 29:10-11.
amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:

2«Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. 3Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, goý, Hudaýy onuň bilen bolsun. Olar Ýahudanyň Iýerusalim şäherine gitsin-de, Ysraýyl Hudaýy Rebbe – Iýerusalimdäki Hudaýa ybadathana gursun. 4Kim nirede galan bolsa, şol ýeriň ilaty olara Iýerusalimdäki Hudaýyň öýi üçin berjek meýletin sadakalaryndan daşary altyn, kümüş, emläk we mal-gara bilen ýardam etsin“».
Copyright information for TukLat16