Genesis 18:20-33
20Soňra Reb Ybraýyma: «Halkyň Sodom bilen Gomoranyň garşysyna edýän ahy-nalasyny eşitdim; olaryň günäleri juda agyrdyr. 21Men aşak düşüp göreýin. Olaryň etmişi, hakykatdan-da, Maňa ýetişi ýaly erbetmikä? Men anyklaýyn» diýdi. 22Şeýdip, adamlar ol ýerden gaýdyp, Sodoma tarap ýola düşdüler. Ybraýym bolsa Rebbiň huzurynda durdy. 23Ol Rebbe golaýlaşyp, Oňa şeýle diýdi: «Sen beýtseň, günäliniň oduna bigünä-de ýanmazmy?! 24Aýdaly, galada elli sany bigünä bar. Şol elli sany bigünä adamyň haky üçin oňa haýpyň gelmezmi? Sen şonda-da galany weýran edermiň? 25Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!» 26Reb: «Eger-de Sodom galasyndan elli sany bigünä adam tapsam, onda Men olaryň hatyrasyna tutuş galany diri galdyraryn» diýdi. 27Ybraýym oňa şeýle ýüzlendi: «Seniň öňüňde tozdur kül kimin bolsam-da, men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän. 28Eger galadaky bigünäleriň sany kyrk bäş bolaýsa, şonda nädersiň? Bäş adamyň kemterlik edýändigi üçin Sen tutuş galany weýran edermiň?» Ol Ybraýyma: «Eger-de Men ol ýerden kyrk bäş sany bigünäni tapsam, onda ony weýran etmerin» diýip jogap berdi. 29Ybraýym Ondan ýene-de: «Aýdaly, galadan diňe kyrk sanysy tapylýar, onda näme?» Ol: «Eger Men ol ýerden kyrk sany bigünä tapsam, onda ony weýran etmerin» diýdi. 30Onsoň Ybraýym Taňra ýüzlenip: «Eý, Taňrym, geplesem maňa gaharyň gelmesin. Aýdaly, galadan otuz sanysy tapylýar, onda näme?» diýdi. Reb: «Eger ol ýerden otuz sany bigünä tapsam, onda Men ony weýran etmerin» diýdi. 31Ybraýym ýene-de ýüzlenip: «Men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän. Aýdaly, galada ýigrimi sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «Ýigrimi sany bigünäniň hatyrasy üçin Men galany weýran etmerin» diýdi. 32Ybraýym: «Eý, Taňrym, maňa gaharyň gelmesin! Men iň soňky gezek Saňa ýüz tutýaryn. Aýdaly, galada bary-ýogy on sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «On bigünäniň hatyrasy üçin Men ony weýran etmerin» diýip jogap berdi. 33Reb Ybraýym bilen gürrüňini tamamlandan soň, onuň ýanyndan gitdi. Ybraýym bolsa öýüne dolanyp geldi.
Copyright information for
TukLat16