Genesis 36:31-43
Edom patyşalary
31 Ysraýyllara hiç bir patyşa şalyk etmezden öň Edom ýurdunda höküm süren patyşalar şu aşakdakylardyr. 32Begoryň ogly Bala Edomda patyşalyk etdi. Onuň paýtagt galasynyň ady Dinhabady. 33Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy. 34Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy. 35Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap topragynda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy. 36Hadat dünýäden ötüp, onuň ýerine masrekaly Samla patyşa boldy. 37Samla dünýäden ötüp, onuň ýerine Ýewfrat derýasynyň boýundaky Rehobotdan bolan Şawul patyşa boldy. 38Şawul dünýäden ötüp, onuň ýerine Akboryň ogly Bagalhanan patyşa boldy. 39Akboryň ogly Bagalhanan dünýäden ötenden soň onuň ýerine Hadar patyşa boldy. Ol Pagu galasyndandy. Hadaryň aýalynyň ady Meheýtabeldi. Ol Matrediň gyzy, Meýzahabyň agtygydy. 40– 41– 42– 43Uruglary, ýurtda mesgen tutýan ýerleri hem atlary boýunça Ysawdan dörän edom urugbaşylary şulardyr: Timna, Alwa, Ýetet, Oholybama, Ela, Pinon, Kenaz, Teýman, Mibsar, Magdyýel, Iram. Bu uruglaryň hemmesi Ysawdan dörediler.
Copyright information for
TukLat16