Genesis 6:11-22
11Hudaýyň nazarynda ýer ýüzi azgynçylykdan we zulumdan doludy. 12Hudaý ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň azgynçylyga ýüz urandygyny gördi. 13Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek. 14Özüňe serwi agajyndan bir gämi ýasa; onda otaglar ýasap, gämä içinden hem daşyndan şepbik çal. 15Gämini şeýle ýasamaly: onuň uzynlygy üç ýüz, giňligi elli we beýikligi otuz tirsek bolsun. 16Oňa üçek-de ▼▼Üçek – ýa-da penjire.
ýasa, üçegiň boýy bir tirsek bolsun; gäminiň gapysyny gapdaldan aç. Gämini aşaky, ortaky we üstki gatlardan ybarat edip ýasa. 17Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler. 18Emma Men seniň bilen äht baglaşaryn. Sen ogullaryň, aýalyň hem gelinleriň bilen gämä münersiň. 19Diri galmaklary üçin, bir erkek, bir urkaçy edip, jandarlaryň-da her görnüşinden bir jübütini gämä alyp mün. 20Diri galmak üçin guşlaryň, mallaryň we süýrenijileriň hersi öz taýy bilen jübüt-jübüt bolup, seniň bilen gämä münerler. 21Şeýle hem sen özüňe hem ähli haýwanlara iýmit bolar ýaly öz ýanyň bilen dürli-dümen azyk-owkat alyp mün». 22Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi. Genesis 7
Nuh gämä münýär
1 Reb Nuha şeýle diýdi: «Ähli maşgalaň bilen gämä mün, çünki Men seniň döwürdeşleriňiň içinden diňe seniň dogruçyl adamdygyňy gördüm. 2– 3Haýwanlaryň tohumlaryny ýer ýüzünde diri saklamak üçin, olaryň halal görnüşleriniň erkeginden we urkaçysyndan ýedi jübüt, haram görnüşleriniň erkeginden we urkaçysyndan bir jübüt, şeýle hem guşlaryň erkeginden we urkaçysyndan ýedi jübüt al. 4Çünki Men ýedi günden kyrk gije-gündizläp ýere ýagyş ýagdyryp, Öz ýaradan janly-jandarlarymyň ählisini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn». 5Nuh Rebbiň buýran zatlarynyň hemmesini berjaý etdi. 6Ýere sil gelende, Nuh alty ýüz ýaşyndady. 7Nuh, onuň ogullary, aýaly we gelinleri silden gutulmak üçin gämä mündüler. 8– 9Hudaýyň Nuha buýruşy ýaly, halal we haram haýwanlar, guşlardyr süýrenijiler erkek we urkaçy jynsynda jübüt-jübüt bolup, Nuh bilen gämä mündüler. 10Ýedi günden soň ýer ýüzüni sil aldy. 11 Nuhuň ömrüniň alty ýüzünji ýylynyň ikinji aýynyň on ýedinji güni – hut şol gün düýpsüz çuňlugyň ähli çeşmeleri böwsüldi, asman suw bentleri kimin açyldy. 12Kyrk gije-gündizläp, ýer ýüzüne dynman ýagyş ýagdy. 13Şol gün Nuh, onuň ogullary Sam, Ham, Ýafes, Nuhuň aýaly hem-de gelinleri gämä mündüler. 14– 15Ähli haýwanlar, mallar, süýrenijiler we guşlar – ähli ganat-perliler hersi öz taýyna görä, burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň hemmesi jübüt-jübüt bolup, Nuh bilen gämä mündüler. 16Ähli erkek hem urkaçy janly-jandarlar Hudaýyň Nuha buýruşy ýaly gämä mündüler. Onsoň Reb gäminiň gapysyny ýapdy. 17Ýer ýüzünde sil kyrk gün dowam etdi. Suw gitdigisaýy joşdy we gämi ýerden ýokary göterildi. 18Ýerde suw joşup, juda köpeldi; gämi suwda ýüzüp ýördi. 19Suw ýerde şeýle bir joşdy welin, hatda ýer ýüzündäki bar belent daglar-da suwuň aşagynda galdy. 20Suw daglaryň depesinden on bäş tirsek ýokary galdy; daglaryň üsti suw bilen örtüldi. 21Ýer ýüzünde hereket edýän janly-jandarlaryň ählisi, guşlar-da, mallardyr haýwanlar-da, süýrenijilerdir ynsanlar-da ýok boldular. 22Gury ýerdäki burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň hemmesi öldi. 23Reb ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlary süpürip taşlady; ynsanlar, mallar, haýwanlar, süýrenijiler we guşlar ýer ýüzünden süpürilip taşlandy. Diňe Nuh we onuň ýanyndakylar diri galdylar. 24Tutuş ýer ýüzüni ýüz elli günläp sil aldy. Genesis 8
Nuh gämiden çykýar
1 Nuh hem-de onuň bilen gämide bolan haýwanlardyr mallaryň ählisini Hudaý ýatdan çykarmandy. Hudaý ýerde şemal öwüsdirdi; suw çekilmäge başlady. 2Düýpsüz çuňlugyň çeşmeleri beklendi,Gökleriň penjireleri ýapyldy,
Gökdäki ýagyş diňdi.
3Suw ýer ýüzünden kem-kemden çekildi; ýüz elli günden soň suw peseldi. 4Gämi ýedinji aýyň on ýedisi güni Ararat daglarynda saklandy. 5Onunjy aýa çenli suw peselmegini dowam etdi; onunjy aýyň biri güni daglaryň başy göründi. 6– 7Kyrk günden soň Nuh öz ýasan gämisiniň penjiresini açdy-da, bir gargany çykaryp, uçuryp goýberdi; garga tä ýer guraýança uçup geziberdi. 8Soňra suwuň ýerden doly çekilendigini ýa-da çekilmändigini bilmek üçin Nuh bir kepderini uçuryp goýberdi. 9Kepderi gonara ýer tapman, onuň ýanyna gämä dolanyp geldi, çünki ýeriň ýüzi entek hem suw bilen örtülendi. Nuh elini uzadyp kepderini tutdy-da, ony öz ýanyna gämä aldy. 10Nuh ýedi gün garaşandan soň, ýene-de kepderini uçuryp goýberdi. 11Kepderi agşam onuň ýanyna dolanyp geldi. Bu gezek onuň agzynda zeýtun agajynyň täze ýolnan ýapragy bardy. Nuh suwuň ýerden çekilendigine göz ýetirdi. 12Ol ýene ýedi gün garaşandan soň, kepderini üçünji gezek iberdi. Kepderi bu sapar yzyna dolanmady. 13 Nuhuň ömrüniň alty ýüz birinji ýylynyň ilkinji aýynyň birine suw ýerden çekilipdi. Nuh gäminiň üçegini söküp, daş-töweregine seretdi; ýeriň ýüzi sarygypdy. 14Ikinji aýyň ýigrimi ýedisine ýer bütinleý gurady. 15– 16– 17Reb Nuha: «Aýalyň, ogullaryň we gelinleriň bilen gämiden çyk. Ýanyňda bar bolan janly-jandarlaryň ählisini – ähli haýwanlary: guşlary, mallary, süýrenijileri özüň bilen gämiden alyp çyk. Goý, olar ýeriň ýüzüne ýaýrap, örňäp köpelsinler» diýdi. 18Nuh aýaly, ogullary we gelinleri bilen gämiden çykdy. 19Ähli haýwanlar, ähli süýrenijiler, ähli guşlar – ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlar öz görnüşleri bilen gämiden çykdylar. 20Nuh Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy; ol halal haýwanlardyr guşlaryň birnäçesini aldy-da, olary gurbanlyk sypasynyň üstünde goýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdi. 21Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin. 22Indiden beýläk ýerde ekişdir orumyň, aňzakdyr jöwzanyň, tomusdyr gyşyň hem-de gije-gündiziň ömürboýy yzy üzülmez».
Copyright information for
TukLat16