Isaiah 2:1-4
Rebbiň dagy
1Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri. 2Ahyrky günlerde şeýle bolýar:Rebbiň öýi daglaryň
iň beýigi deý berkarar ediler,
depelerden belent bolar ol,
ähli milletler oňa tarap eňerler.
3Köp halklar gelip, şeýle diýerler:
«Geliň, Rebbiň dagyna –
Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň;
ýodalaryndan ýörär ýaly,
Ol bize Öz ýollaryny öwreder».
Çünki kanun Siondan,
Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.
4Reb milletler arasynda kazylyk eder,
köp halklaryň dawalaryny çözer;
olar gylyçlaryndan azal,
naýzalaryndan orak ýasarlar;
millet millete garşy gylyç galdyrmaz,
söweşmegi öwrenmezler indi.
Copyright information for
TukLat16