Isaiah 42:1-4
Rebbiň bendesi
1Ine, Meniň goldaýan bendäm,göwnühoş bolup saýlanym;
Ruhumy oňa berdim,
ol milletlere adalat getirer.
2Ol gygyrmaz, sesini gataltmaz,
sesi köçelerde asla ýaňlanmaz.
3Ýenjilen gamşy döwmez,
tüteýän peltäni söndürmez,
sadyklyk bilen adalat getirer.
4Ejizlemez, ruhdan düşmez ol,
ýer ýüzünde adalaty berkidýänçä,
adalar onuň kanunyna garaşarlar.
Copyright information for
TukLat16