‏ Jeremiah 52:3-11

3Rebbiň Iýerusalime we ýahuda halkyna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy.

Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.
4Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar tutuş goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, daş-töwereginde ýapgyt gurdular. 5Şeýdip, Sidkiýanyň patyşalygynyň on birinji ýylyna çenli Iýerusalim gabawda durdy. 6Dördünji aýyň dokuzyna şäherde açlyk güýjäp, ýurduň ilaty iýmäge çörek tapmady. 7Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykyldy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gabasalar-da, ähli esgerler gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler. 8Emma babyllylaryň goşuny patyşanyň yzyndan kowup, Ýeriho düzlüginde yzyndan ýetdi. Patyşanyň ähli goşuny onuň ýanyndan gaçyp, dagaşyp gitdiler. 9Onsoň babyllylar patyşany tutup, Hamat ýurdundaky Ribla getirdiler. Şol ýerde Babyl patyşasy oňa höküm çykardy. 10Babyl patyşasy Sidkiýanyň ogullaryny onuň gözüniň alnynda öldürdi. Riblada Ýahudanyň ähli ýolbaşçylaryny-da öldürdi. 11Ol Sidkiýanyň gözlerini oýdurdy we zynjyr bilen baglap, Babyla alyp gitdi. Ol ony ölýänçä zyndanda saklady.
Copyright information for TukLat16