‏ Joel 2:28-32

Rebbiň güni

28«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne
Öz Ruhumy dökerin.
Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz,
düýşler görer garrylaryňyz,
aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.
29Şol günlerde Men hatda gullardyr gyrnaklaryň üstüne,
Öz Ruhumy suw kimin dökerin.

30Men asmanda we ýerde alamatlar: gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin. 31Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner. 32Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas ediler, çünki Rebbiň aýdyşy ýaly, gaçyp gutulanlar Sion dagynda we Iýerusalimde bolar, aman galanlaryň arasynda Rebbiň çagyranlary-da bolar».
Copyright information for TukLat16