John 1:19-28
Ýahýa çümdürijiniň şaýatlygy
(Matta 3:1-12; Mark 1:1-8; Luka 3:1-18)
19Ine, ýahudylaryň baştutanlary Iýerusalimden ruhanylary we lewileri Ýahýanyň ýanyna iberdiler. Olar Ýahýadan: «Sen kim?» diýip soradylar. Ýahýa sözüni inkär etmedi, 20ol şaýatlyk edip: «Men Mesih däl» diýip, çürt-kesik ykrar etdi. 21Olar ondan: «Onda sen kim? Belki, Ylýassyň?» diýip soradylar. Ýahýa: «Ýok» diýip jogap berdi. Olar ýene-de: «Onda şol garaşylýan pygambermiň?» diýip soradylar. Ol: «Ýok, ol däl» diýip jogap berdi. 22Ahyry olar: «Onda sen kim? Biz özümizi ýollanlara näme jogap bereli? Sen özüň hakda näme aýdyp biljek?» diýip soradylar. 23 aÝahýa Işaýa pygamberiň sözleri bilen jogap berip: «Ine, „Rebbiň ýoluny düzläň“diýip, çölde gygyrýan ses mendirin» diýdi. 24– 25Onsoň onuň ýanyna iberilen käbir fariseýler: «Sen Mesihem, Ylýasam, garaşylýan pygamberem däl bolsaň, onda näme üçin adamlary suwa çümdürýärsiň?» diýip soradylar. 26Ýahýa olara: «Hawa, men adamlary suwa çümdürýärin, emma araňyzda Biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz. 27Ol menden soňra geljekdir. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin» diýip jogap berdi. 28Bu wakalaryň hemmesi Iordan derýasynyň gündogaryndaky Beýtaniýada, Ýahýanyň suwa çümdürýän ýerinde bolup geçdi.
Copyright information for
TukLat16