John 11:45-53
Isany öldürmek baradaky dildüwşük
(Matta 26:1-5; Mark 14:1,2; Luka 22:1,2)
45Şeýlelikde, Merýemiň ýanyna gelen ýahudylaryň köpüsi Isanyň eden işini görüp, Oňa iman etdiler. 46Birnäçesi bolsa baryp, Isanyň eden işlerini fariseýlere gürrüň berdiler. 47Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler ýokary mejlisi çagyryp: «Näme etmeli? Bu Adam köp gudratlar görkezýär. 48Muňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder. Rimliler hem gelip, ybadathanamyzy we halkymyzy ýok ederler» diýdiler. 49Olaryň arasynda şol ýyl baş ruhany bolan Kaýafa-da bardy. Kaýafa olara: «Siz hiç zady bilmeýärsiňiz. 50Ähli halkyň heläk bolanyndan, bir adamyň halk üçin ölmegi size örän bähbitlidir. Siz näme muňa düşüneňzokmy?» diýdi. 51Ol muny öz-özünden aýtmady. Şol ýylyň baş ruhanysy bolmak bilen ol Isanyň ýahudy milleti üçin öljegini pygamberlik edip aýtdy. 52Ol diňe bir şol millet üçin däl-de, eýsem Hudaýyň dagynyk perzentlerini bir ýere toplap birleşdirmek üçin hem ölmelidi. 53Şeýlelikde, şol günden başlap, Isany öldürmek üçin dil birikdirdiler.
Copyright information for
TukLat16