John 12:1-8
Merýem Isa nard ýagyny çalýar
(Matta 26:1-5; Mark 14:1,2; Luka 22:1,2)
1 Pesah baýramyna alty gün galanda, Isa ýene Beýtaniýa bardy. Isanyň direlden Lazary-da şol ýerdedi. 2Ol ýerde Isanyň hormatyna nahar berildi. Marta hyzmat edýärdi, Lazar bolsa myhmanlar we Isa bilen bir saçagyň başynda otyrdy. 3Onsoň Merýem bir çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny getirdi-de, Isanyň aýaklaryna çalyp, soňra saçy bilen süpürdi. Ýagyň ýakymly ysy öýüň içine doldy. 4Şol wagt Onuň şägirtleriniň biri, Oňa haýynlyk etmegi ýüregine düwen Simunyň ogly Ýudas Iskariýot: 5«Näme üçin bu ýag satylyp, onuň puly garyplara paýlanmady? Munuň bahasy bir ýyllyk iş hakyna ▼▼Bir ýyllyk iş hakyna – grekçe üç ýüz dinar. Bir dinar bir günlük iş hakyna barabardyr.
barabar ahyry» diýdi. 6Ol muny garyplaryň gamyny iýmek üçin däl-de, özüniň ogrudygy üçin aýdýardy. Sebäbi ol ortak pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi. 7Emma Isa olara: «Naçary öz gününe goýuň! Ol Meni jaýlanjak günüme taýýarlamak üçin şeýle etdi. 8Garyplar hemişe siziň ýanyňyzda bolar, emma Men siziň ýanyňyzda elmydama bolmaryn» diýdi.
Copyright information for
TukLat16