John 12:12-19
Isa Iýerusalime uly dabara bilen girýär
(Matta 21:1-11; Mark 11:1-11; Luka 19:28-40)
12Ertesi gün baýramçylyga gelen uly mähelle Isanyň Iýerusalime gelýänini eşitdi. 13 aAdamlar palma şahalaryny alyp, Ony garşylamaga çykdylar. Olar şeýle diýip gygyryşýardylar: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun! Ysraýyl Patyşasyna alkyş bolsun!» 14– 15 bEdil Mukaddes Ýazgylarda: «Gorkma, eý, Sion gyzy! Ine, Patyşaň taýhara münüp gelýär» diýip ýazylyşy ýaly, Isa bir taýhar tapyp mündi. 16Şägirtleri şol wagt bu zatlara düşünmediler. Emma Isa şöhratlandyrylandan soňra bu sözleriň Ol hakynda ýazylandygy we özleriniň muny ýazylyşy ýaly edendikleri olaryň ýatlaryna düşdi. 17 Isa Lazary mazardan çagyryp direldende, köp mähelle bu wakany gördi. Indi olar bu hakda hemmelere gürrüň berýärdiler. 18Şonuň üçin Isanyň görkezen bu gudraty barada eşiden köp adamlar Ony garşylamaga çykdylar. 19Şeýlelikde, fariseýler biri-birine: «Görýäňizmi, elimizden hiç zat gelmeýär. Bütin dünýä Onuň yzyna eýerdi!» diýişýärdiler.
Copyright information for
TukLat16