‏ John 13:21-30

21Bu zatlary aýdandan soň, Isanyň ýüregini gussa gaplady. Ol: «Hakykatdan hem, siziň biriňiz Maňa haýynlyk edersiňiz» diýip, açyk aýtdy. 22Şägirtleri Onuň muny kime kakdyryp aýdýanyny bilmän, aljyraňňylyk bilen biri-birlerine seredişdiler. 23Saçak başynda şägirtlerden biri Isa ýaplanyp otyrdy. Ol Isanyň söýgüli şägirdidi. 24Simun Petrus Onuň kime kakdyryp aýdýanyny soramagy ýaňky şägirde ümledi. 25Ol hem Isa ýaplanyp oturşyna Ondan: «Agam, ol kim?» diýip sorady. 26Isa: «Şu çöregi okara batyryp, kime bersem, ol şoldur» diýip jogap berdi. Onsoň Ol çöregi okara batyrdy-da, ony Simunyň ogly Ýudas Iskariýoda berdi. 27Çöregi alan badyna, Ýudanyň içine şeýtan girdi. Isa oňa: «Näme etjek bolsaň, tizräk et» diýdi. 28Muny Isanyň oňa näme üçin aýdanyna oturanlaryň hiç biri düşünmedi. 29Pul torba Ýudasda bolansoň, käbirleri Isa oňa: «Baýram üçin bize gerek zatlary satyn al» ýa-da «Garyplara biraz pul paýla» diýýändir öýtdüler. 30Ýudas bolsa çöregi alan badyna daşary çykyp gitdi. Garaňky düşüpdi.
Copyright information for TukLat16