John 18:28-38
Isa Pilatyň öňünde
(Matta 27:1,2,11-31; Mark 15:1-20; Luka 23:1-5,13-25)
28Onsoň ýahudylar Isany Kaýafanyň ýanyndan Rim häkiminiň jaýyna alyp bardylar. Şol wagt daň atypdy. Pesah naharyndan iýip biler ýaly we dini däp-dessurlary bozmazlyk üçin ýahudylar häkimiň jaýyna girmediler. 29Şeýlelikde, Pilatyň özi olaryň ýanyna gelip: «Bu Adamy nämede aýyplaýarsyňyz?» diýip sorady. 30Olar: «Bu Adam jenaýatçy bolmadyk bolsa, Ony tutup, seniň ýanyňa getirmezdik» diýip jogap berdiler. 31Pilat olara: «Beýle bolsa, Ony äkidiň-de, öz kanunyňyz boýunça höküm çykaryberiň» diýdi. Ýahudylar Pilata: «Biziň kimdir birini ölüme höküm etmäge hakymyz ýok» diýdiler. 32Bu Isanyň Özüniň nähili ölüm bilen öljekdigi barada öňden aýdan sözleriniň berjaý bolmagy üçindi. 33Onsoň Pilat ýene öz jaýyna girdi-de, Isany çagyryp, Ondan: «Sen ýahudylaryň Patyşasymy?» diýip sorady. 34Isa ondan: «Muny özüňden aýdýarsyňmy ýa-da Men hakda saňa başgalar aýtdymy?» diýip sorady. 35Pilat Isa: «Eýsem men ýahudymy näme? Seni maňa Öz halkyň bilen ýolbaşçy ruhanylar tutup getirdiler. Sen näme iş etdiň?» diýdi. 36Isa oňa: «Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl. Eger Meniň Patyşalygym bu dünýäden bolsady, onda hyzmatkärlerim Meni ýahudylaryň eline berdirmejek bolup göreşerdiler. Emma Meniň Patyşalygym başga ýerdendir» diýdi. 37Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi. 38Pilat Ondan: «Hakykat näme?» diýip sorady. Muny diýenden soň, ol ýene ýahudylaryň ýanyna çykyp, olara: «Men Ondan hiç bir ýazyk tapmadym.
Copyright information for
TukLat16