‏ John 18:3-12

3Ol Rim esgerleriniň bir bölümi bilen birlikde ýolbaşçy ruhanylaryň we fariseýleriň iberen garawullaryny alyp geldi. Olaryň elleri çyraly, panusly we ok-ýaraglydy. 4Isa Öz başyna düşjek ähli zady bilýärdi. Şonuň üçinem öňe çykyp, olardan: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip sorady. 5Olar Oňa: «Nasyraly Isany» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Şol Mendirin» diýdi. Oňa haýynlyk eden Ýudas-da olar bilen durdy. 6Isa olara: «Şol Mendirin» diýende, olar yza çekilip, ýere ýykyldylar. 7Isa olardan ýene: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar: «Nasyraly Isany» diýdiler. 8Isa olara: «Men size „Şol Mendirin“diýdim ahyryn. Meni gözleýän bolsaňyz, bulary goýberiň, gitsinler» diýdi. 9Isa muny «Maňa berenleriňden hiç birini ýitirmedim» diýen sözleriniň berjaý bolmagy üçin aýtdy. 10Şol wagt Simun Petrus gylyjyny gynyndan çykardy-da, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, sag gulagyny kesdi. Ol hyzmatkäriň ady Malhusdy. 11Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal. Atamyň Maňa beren hasrat käsesinden içmäýinmi?» diýdi. 12Onsoň esgerler, olaryň harby serkerdesi we ýahudy garawullary Isany tutup, elini-aýagyny daňdylar.
Copyright information for TukLat16