‏ John 18:39-40

39Emma siziň bir adatyňyz bar, şol adat boýunça her ýyl Pesah baýramynda men bir adamy tussaglykdan boşadýardym. Indi siziň üçin ýahudylaryň Patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýdi. 40Şonda olar: «Ony däl, bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar.

Barabbas bolsa bir gozgalaňçydy.

‏ John 19:1-16

Isa ölüme höküm edilýär

1Soňra Pilat Isany tutup gamçylatdy. 2Esgerler tikenden täç örüp, Onuň başyna geýdirdiler, egnine gyrmyzy don ýapdylar. 3Ýanyna baryp: «Ýaşasyn ýahudylaryň Patyşasy!» diýşip, Onuň dulugyna şarpyk çaldylar. 4Pilat ýene daşary çykyp, ýahudylara: «Ine, Ony siziň öňüňize getirýärin. Ondan hiç bir aýyp tapmandygymy bilip goýuň» diýdi. 5Şol wagt başy tikenden täçli, egni gyrmyzy donly Isa daşary çykdy. Pilat olara: «Ine, ol Adam!» diýdi. 6Ýolbaşçy ruhanylar bilen baştutanlar Isany görüp: «Ony haça çüýle, haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olara: «Ony äkidip, özüňiz haça çüýläň. Men-ä Ondan hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi. 7Ýahudylaryň baştutanlary: «Biziň bir kanunymyz bar, şol kanun boýunça Ol ölmeli, sebäbi Ol Özüni Hudaýyň Ogly diýip atlandyrýar» diýdiler. 8Bu sözleri eşidip, Pilat örän gorkdy. 9Ol täzeden özüniň häkimlik jaýyna girip, Isadan: «Sen nireli?» diýip sorady. Emma Isa oňa jogap bermedi. 10Pilat Oňa: «Sen meniň bilen gepleşmekden ýüz öwürýäňmi? Seni boşatmaga-da, haça çüýlemäge-de meniň ygtyýarymyň bardygyny bileňokmy?» diýdi. 11Isa oňa: «Eger saňa ýokardan berilmedik bolsady, Meniň üstümden hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem, Meni tutup, seniň eliňe bereniň günäsi has-da agyrdyr» diýip jogap berdi. 12Şundan soň Pilat Isany boşatmaga synanyşdy. Emma ýahudylaryň baştutanlary gygyryşyp: «Ony boşatsaň, sen imperatoryň dosty dälsiň. Kim-de kim özüni patyşa saýsa, ol imperatora garşydyr» diýdiler. 13Pilat bu sözleri eşidip, Isany daşary alyp çykdy we Daş seki diýilýän ýerde höküm kürsüsinde oturdy. Bu ýeriň arameýçe ady Gabbatady. 14Pesah baýramyna taýýarlyk günüdi. Günortana golaý Pilat ýahudylara ýüzlenip: «Ine, siziň Patyşaňyz!» diýdi. 15Olar: «Güm et Ony! Ýok et! Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olardan: «Patyşaňyzy haça çüýläýinmi?» diýip sorady. Ýolbaşçy ruhanylar: «Biziň imperatordan başga patyşamyz ýokdur» diýip jogap berdiler. 16Ahyry Pilat Isany haça çüýlemek üçin, Ony esgerleriň eline tabşyrdy.
Copyright information for TukLat16