aZeb 21:19.
John 19:17-27
Isa haça çüýlenýär
(Matta 27:32-44; Mark 15:21-32; Luka 23:26-43)
17Esgerler Isany alyp gitdiler. Isa haçyny Özi göterip, Kelleçanak diýilýän ýere geldi. Bu ýeriň arameýçe ady Golgotady. 18Ol ýerde Isany we Onuň bilen bile ýene iki adamy haça çüýlediler: olaryň biri – Onuň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady, Isa bolsa ortadady. 19Pilat bir tagtanyň ýüzüne ýazgy ýazdyryp, ony haçyň ýokarsyndan asdyrdy. Tagtada: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY NASYRALY ISA» diýlip ýazylandy. 20Isanyň haça çüýlenen ýeriniň şähere golaýdygy üçin, ýazgyny köp ýahudylar okadylar. Ol ýewreýçe, grekçe we latynça ýazylypdy. 21Ýahudylaryň ýolbaşçy ruhanylary Pilata: «Muny „Ýahudylaryň Patyşasy“diýip ýazma-da, „Özüni Men ýahudylaryň Patyşasy diýip atlandyrdy“diýip ýaz» diýdiler. 22Pilat olara: «Eýýäm ýazjagymy ýazdym» diýip jogap berdi. 23Isany haça çüýlän esgerler Onuň egin-eşigini aldylar. Onuň geýimlerini dört bölege bölüp, her esgere bir paý berdiler. Içki köýnegini hem aldylar. Içki köýnek tikilgi däl-de, boýdan-başa tutuş dokalgydy. 24 aEsgerler biri-birine: «Geliň, muny ýyrtmalyň, muňa bije atalyň, kimiň bijesi çyksa, şol alar» diýdiler. Bu Mukaddes Ýazgylardaky: «Özara paýlaşýarlar geýimlerimi,eginbaşym üçin bije atýarlar»
diýen sözleriň berjaý bolmagy üçin şeýle boldy. Esgerler şeýle hem etdiler. 25 Isanyň haçynyň ýanynda Onuň ejesi, daýzasy, Klopasyň aýaly Merýem we magdalaly Merýem dagy durdy. 26Isa ejesini we onuň ýanynda duran söýgüli şägirdini görüp, ejesine: «Eý, zenan, bu seniň ogluňdyr» diýdi. 27Onsoň şägirde garap: «Bu-da seniň ejeňdir» diýdi. Şondan soň ýaňky şägirt ony öz öýüne aldy.
Copyright information for
TukLat16