‏ John 19:28-30

Isanyň ölümi

(Matta 27:45-56; Mark 15:33-41; Luka 23:44-49)

28Onsoň Isa ähli zadyň tamam bolup barýanyny bilip, Mukaddes Ýazgylaryň berjaý bolmagy üçin, «Suwsadym» diýdi. 29Esgerler sirkeden doly küýzä bir esgini batyryp, käkilik otunyň baldagyna daňdylar-da, içirjek bolup, ony Isanyň agzyna ýetirdiler. 30Isa sirkeden dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi we başyny egip jan berdi.
Copyright information for TukLat16