John 19:38-42
Isa jaýlanýar
(Matta 27:57-61; Mark 15:42-47; Luka 23:50-56)
38Onsoň Isanyň şägirdi bolan, ýöne ýahudylardan gorkup, muny ýaşyryp ýören arimatiýaly Ýusup Onuň jesedini haçdan düşürip almaga Pilatdan rugsat sorady. Pilat oňa rugsat berdi. Ol baryp, Isanyň jesedini haçdan düşürip aldy. 39Ozal gijäniň içinde Isanyň ýanyna baran Nikodim hem Ýusup bilen biledi. Nikodim jemi agramy iki put ▼▼Iki put – grekçe ýüz lytra. Bu takm. 30 kg deňdir.
bolan garyşyk mür bilen aloe alyp geldi. 40Ol ikisi Isanyň jesedini getirip, ýahudylaryň jaýlama adaty boýunça Ony ýakymly ysly ýag sepilen kepene doladylar. 41Isanyň haça çüýlenen ýerinde bir bag bardy. Ol bagda heniz hiç kim jaýlanmadyk bir täze mazar bardy. 42Şol gün ýahudylaryň Sabat gününe taýýarlyk günüdi. Şonuň üçin mazar golaý bolansoň, Isanyň jesedini şol mazarda goýdular.
Copyright information for
TukLat16