John 2:13-22
Isa satyjylary ybadathanadan kowýar
(Matta 21:12,13; Mark 11:15-17; Luka 19:45,46)
13 Ýahudylaryň Pesah baýramynyň golaýlaşýandygy üçin Isa Iýerusalime gitdi. 14Ol ybadathananyň howlusynda sygyr, goýun, kepderi satýanlary, şeýle hem pul çalşyp oturanlary gördi. 15Isa ýüpden dürre ýasap, mal-garalary bilen birlikde hemmäni gamçylap, ybadathanadan kowup çykardy, pul çalyşýanlaryň tekjelerini agdaryp, pullaryny ýere seçip goýberdi. 16Ol kepderi satýanlara: «Bulary bu ýerden ýok ediň! Atamyň öýüni bazara öwürmäň!» diýdi. 17 aŞonda Onuň şägirtleri Mukaddes Ýazgylardaky «Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürer» diýlen sözleri ýatladylar. 18Onsoň ýahudylaryň baştutanlary Ondan: «Seniň beýtmäge näme hakyň bar? Eger hakyň bar bolsa, gudrat görkezip, muny bize subut et» diýip talap etdiler. 19Isa olara: «Bu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günde dikelderin» diýip jogap berdi. 20Ýolbaşçylar: «Bu ybadathana kyrk alty ýylda guruldy, Sen bolsa ony indi üç günde dikeltjekmi?» diýdiler. 21Emma Isa ybadathana diýip, Öz bedenine aýdýardy. 22Isa ölümden direlenden soň, şägirtleri Onuň bu aýdanyny ýatlap, Mukaddes Ýazgylara we Isanyň sözlerine ynandylar.
Copyright information for
TukLat16