John 20:1-10
Isa direlýär
(Matta 28:1-8; Mark 16:1-8; Luka 24:1-12)
1Hepdäniň birinji güni ▼▼Hepdäniň birinji güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýekşenbe günüdir.
, entek alagaraňkyka, magdalaly Merýem irden mazara bardy. Görse, mazaryň agzyndan daş aýrylypdyr. 2Şonda ol Simun Petrus bilen Isanyň söýgüli şägirdiniň ýanyna ylgap baryp, olara: «Agamyzy mazardan çykaryp äkidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýäris» diýdi. 3Petrus bilen beýleki şägirt dessine mazara tarap ýola düşdüler. 4Olaryň ikisi-de ylgaýardy, ýöne beýleki şägirt Petrusdan çalt ylgap, mazara ondan öň bardy. 5Ol eglip seredende, mazaryň içinde kepeniň ýatandygyny gördi, ýöne içerik girmedi. 6– 7Şol wagt onuň yzyndan Simun Petrus hem geldi. Ol mazara girip, ýerde ýatan kepeni we Isanyň başyna oralan ýaglygy gördi. Emma ýaglyk kepen bilen bir ýerde bolman, aýry bir ýerde çözülgi ýatyrdy. 8Soňra ol ýere birinji bolup baran şägirt hem mazaryň içine girdi. Muny görüp, ol Isanyň direlendigine ynandy. 9Şol pursada çenli olar Mukaddes Ýazgylarda Isanyň direljekdigi barada aýdylan sözlere henizem düşünmändiler. Isa magdalaly Merýeme görünýär
(Matta 28:9,10; Mark 16:9-11)
10Bu wakalardan soň şägirtler ýene öýli-öýüne gaýtdylar.
Copyright information for
TukLat16