‏ John 20:11-18

11Merýem bolsa mazaryň agzynda durup aglaýardy. Ol gözýaş edip durka, mazaryň içine eglip seredende, 12ak eşikli iki sany perişdä gözi düşdi. Olaryň biri Isanyň jesediniň ýatan ýeriniň başujunda, beýlekisi-de aýagujunda otyrdy. 13Olar ondan: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň?» diýip soradylar. Merýem olara: «Agamy mazardan çykaryp alyp gidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi. 14Şeýle diýip, arkasyna öwrülende, ol ýerde Isanyň durandygyny gördi, ýöne Ony tanamady. 15Isa oňa: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň? Kimi gözleýärsiň?» diýdi. Merýem Oňa bagbandyr öýdüp: «Eý, aga, Ony mazardan sen äkiden bolsaň, nirede goýanyňy maňa aýt, men Ony alyp gideýin» diýdi. 16Isa oňa: «Merýem!» diýdi. Ol hem Oňa tarap gaňrylyp seredip: «Rabbuni!» diýdi. (Bu arameýçe «Mugallymym» diýmekdir.) 17Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi. 18Magdalaly Merýem şägirtleriň ýanyna gitdi. Olara: «Rebbi gördüm!» diýip, Rebbiň özüne aýdanlaryny şägirtlere habar berdi.
Copyright information for TukLat16