‏ John 6:1-14

Isa bäş müň adamy doýurýar

(Matta 14:13-21; Mark 6:30-44; Luka 9:10-17)

1Şundan soň Isa Jelile kölüniň beýleki tarapyna geçdi. Bu köle Tiberiýa köli hem diýilýärdi. 2Isanyň gudratlar arkaly hassalary sagaldandygyny gören uly mähelle Onuň yzyna düşdi. 3Isa şägirtleri bilen beýik depä çykyp oturdy. 4Ýahudylaryň Pesah baýramy golaýlapdy. 5Isa töweregine gözüni aýlady. Öz ýanyna uly mähelläniň gelýänini görüp, Filipe: «Bulara iýer ýaly çöregi nireden satyn alarys?» diýdi. 6Ol muny Filipi synamak üçin sorapdy, aslynda welin Özüniň näme etjegini eýýäm bilýärdi. 7Filip Oňa: «Bularyň her birine bir döwüm çörek satyn almak üçin iki ýüz kümüş teňňe sarp etsek-de ýetmez!» diýip jogap berdi. 8Şägirtlerden biri, Simun Petrusyň dogany Andrys Oňa: 9«Bu ýerde bir oglanda bäş arpa çöregi bilen iki balyk bar. Emma şeýle uly mähellä bular nämejik bolar?» diýdi. 10Isa: «Halky oturdyň» diýdi. Halk şol ýerdäki gök ýaýlada oturdy. Ol ýerde bäş müňe golaý erkek adam bardy. 11Isa çörekleri alyp, şükür etdi, soňra olary oturanlara paýlady. Balyklary hem şeýtdi, näçe isleseler, olara paýlady. Adamlar doýýançalar iýdiler. 12Olar doýanlaryndan soň, Isa şägirtlerine: «Galan-gaçanlary ýygnaşdyryň, hiç zat zaýalanmasyn» diýdi. 13Şeýlelikde, şägirtler iýlen bäş arpa çörekden artan bölekleri ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. 14Isanyň bu gudratly alamatyny gören adamlar: «Hakykatdan-da, dünýä gelmeli pygamber Şudur» diýdiler.
Copyright information for TukLat16