‏ Leviticus 11:1-21

Halal we haram jandarlar

(Kanun taglymaty 14:3-21)

1 Reb Musa hem-de Haruna şeýle diýdi: 2 3«Ysraýyl halkyna aýt: „Gury ýerde ýaşaýan jandarlaryň arasyndan siziň iýip biljekleriňiz şulardyr: goşatoýnakly, gäwüşeýän islendik haýwany. 4 5 6Emma gäwüş gaýtarýan haýwanlardan ýa-da goşatoýnakly haýwanlardan düýäni, atýalmany we towşany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarýarlar, emma olar goşatoýnakly däldirler, bular siziň üçin haramdyr. 7Goşatoýnaklydygyna garamazdan, doňuz hem toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu siziň üçin haramdyr. 8Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň. 9Suwda ýaşaýan ähli jandarlardan şulary iýip bilersiňiz: akar suwda ýa-da deňizdedigine garamazdan, ýüzgüçli hem teňňeli jandarlaryň islendigini iýip bilersiňiz. 10Suwda ýaşaýan islendik ýüzgüçsiz we teňňesiz süýrenijiler we deňizdäki beýleki kiçi jandarlaryň ählisi siziň üçin nejisdir. 11Bu jandarlar ysraýyl halky üçin nejisligine galsyn. Olaryň etini iýmäň, olaryň maslygyna galtaşmaň. 12Suwda ýaşaýan ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlaryň bary siziň üçin nejisdir. 13Guşlardan şu aşakdakylar siziň üçin nejisdir: bürgüt, garaguş we derýa bürgüdi; 14 15 16çaýçaňňalak, laçynyň ähli görnüşleri, garganyň ähli görnüşleri, düýeguş, hüwi, çarlak, gyrgynyň ähli görnüşleri; 17 18 19baýguş, jüptün, uly baýguş, ak baýguş, gotan we dazzarkel, leglek, hokgaryň ähli görnüşleri, hüýpüýpik we ýarganat. 20Dört aýakly, ganatly mör-möjekleriň hemmesi siziň üçin nejisdir. 21Ýöne dört aýakly ganatly mör-möjeklerden ýerde böker ýaly aýagy bogunlylaryny iýip bilersiňiz.
Copyright information for TukLat16