Luke 11:14-23
Isa we jynlaryň hökümdary
(Matta 12:22-30,43-45; Mark 3:20-27)
14Günleriň birinde Isa bir lal adamdan arwah-jyny kowdy. Arwah-jyn çykan badyna, lal adam geplemäge başlady, halk muňa haýran galdy. 15Emma olaryň käbiri: «Ol arwah-jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebul ▼▼Beýelzebul – şeýtanyň beýleki ady. Sözlüge seret.
arkaly kowup çykarýar» diýdiler. 16Beýlekiler hem Ony synamakçy bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler. 17Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen öý ýykylar. 18Şeýtan öz içinden bölünse, heý-de, patyşalygy durarmy? Muny siziň Maňa arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowýar diýýäniňiz üçin aýdýaryn. 19Men arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýarlar? Şeýle diýýäniňiz üçin sizi öz adamlaryňyz höküm eder. 20Men arwah-jynlary Hudaýyň güýji bilen kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size gelendir. 21Eger bir güýçli adam depesinden dyrnagyna çenli ýaraglanyp, öz öýüni goraýan bolsa, onuň mal-mülki howpsuzdyr. 22Emma özünden güýçli adam hüjüm edip, ony ýeňse, onda onuň buýsanýan hemme ýaraglaryny elinden alyp, talan oljasyny paýlar. 23Meniň bilen bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen sürini toplamadyk ony dargadýandyr.
Copyright information for
TukLat16