‏ Luke 11:34-36

34Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sagdyn bolsa, tutuş bedeniň hem ýagty bolar, gözüň şikesli bolsa, tutuş bedeniň hem garaňky bolar. 35Şonuň üçin hem ägä bol, sendäki yşyk garaňky bolaýmasyn. 36Seniň tutuş bedeniň ýagty bolup, hiç bir garaňky ýeri ýok bolsa, çyra seni öz şöhlesi bilen ýagtyldýan ýaly, bedeniň bütinleý ýagty bolar».
Copyright information for TukLat16