‏ Luke 11:39-52

39Emma Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Ine, siz fariseýler käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma içiňiz açgözlükden hem pislikden doludyr. 40Akmaklar! Daşyny ýaradan içini-de ýaratmadymy? 41Mätäçlere ýürekden sadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar. 42Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz narpyzdan, her hili ysly otdan ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma adalat bilen Hudaýyň söýgüsini äsgermeýärsiňiz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz. 43Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz sinagogalarda baş kürsüleri, bazarlarda özüňize salam berilmegini halaýarsyňyz. 44Waý halyňyza! Siz hiç belligi bolmadyk mazarlara meňzeýärsiňiz: adamlar bilmezden şeýle mazarlaryň üstünde gezýändirler».

45 Töwrat mugallymlaryň biri Oňa: «Eý, Mugallym! Sen bu zatlary aýtmak bilen, biziň hem göwnümize degýärsiň» diýdi. 46Isa hem şeýle diýdi: «Siziň hem waý halyňyza, eý, Töwrat mugallymlary! Agyr ýükleri adamlara ýükleýärsiňiz, özüňiz bolsa ol ýüklere barmagyňyzy hem degirmeýärsiňiz. 47Waý halyňyza! Siz pygamberleriň guburlaryny dikýärsiňiz, emma olary öldürenler öz atalaryňyzdyr. 48Şeýtmek bilen, siz atalaryňyzyň edenlerini tassyklaýarsyňyz. Hawa, pygamberleri atalaryňyz öldürdi, siz hem olaryň guburlaryny dikýärsiňiz. 49Şu sebäpden hem, Hudaýyň akyldarlygy şeýle diýipdir: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar“. 50Şonuň üçin hem dünýä ýaradylaly bäri hemme pygamberleriň dökülen gany üçin bu nesil jogapkärdir. 51Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda öldürilen Zekarýanyň ganyna çenli bu nesil jogapkärdir. Hawa, Men size şuny aýdýaryn: ähli gabahatlyklar üçin şu nesil jogap berer. 52Waý halyňyza, eý, Töwrat mugallymlary! Siz bilimiň açaryny alyp gitdiňiz. Özüňiz bu gapydan girmediňiz, girmek isleýänlere hem böwet bolduňyz».
Copyright information for TukLat16