Luke 12:2-7
2Ýapyk bolup, üsti açylmajak, gizlin bolup, bilinmejek zat ýokdur. 3Garaňkylykda näme aýtsaňyz, ýagtylykda eşidiler, içki otaglarda çakan çawuşyňyz üçeklerde yglan ediler. 4Eý, dostlarym, Men size şuny aýdaýyn: bedeni öldürýän, emma ondan soňra hiç zat edip bilmeýänlerden gorkmaň. 5Men size kimden gorkmalydygyňyzy aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň. 6Bäş serçe iki teňňä satylmaýarmy näme? Muňa garamazdan, Hudaý olaryň hiç birini ýatdan çykarmaýar. 7Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr. Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz.
Copyright information for
TukLat16