‏ Luke 12:22-31

Gaýgy etmäň

(Matta 6:25-34)

22Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. 23Jan iýmitden, beden egin-eşikden has gymmatlydyr. 24Gargalara serediň, olar ne ekýärler, ne-de orýarlar. Olaryň ne ammarlary, ne-de urulary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe esse gymmatlysyňyz! 25Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, ömrüňizi bir sagat uzaldyp bilýärsiňiz? 26Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda näme üçin galan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz? 27Liliýalaryň ösüşine syn ediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi. 28Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?! 29Şonuň üçin hem näme iýip-içjekdigiňizi, näme geýjekdigiňizi agtarmaň, bular barada alada etmäň. 30Bu zatlaryň baryny bu dünýäniň adamlary agtarýandyr. Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär. 31Siz bolsa Hudaýyň Şalygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.
Copyright information for TukLat16