‏ Luke 12:41-48

41Şonda Petrus: «Agam, bu tymsaly diňe bize aýdýarsyňmy ýa-da hemmelere?» diýip sorady.

42 Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi? 43Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly! 44Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar. 45Emma şol hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“diýip, gullary we kenizleri urmaga, iýip-içip, serhoş bolmaga başlasa, 46hojaýyny hem onuň oslamaýan gününde, oýlamaýan sagadynda gelse, ony parça-parça edip, onuň başyna biwepalaryň gününi salar.

47Hojaýynynyň islegini bilse-de, taýýar bolmaýan, onuň islegini ýerine ýetirmeýän hyzmatkär köp ýenjiler. 48Emma bilmezlikden taýaga mynasyp iş eden adam az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler. Kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp zat hem isleniler».
Copyright information for TukLat16