‏ Luke 14:15-24

Uly meýlis tymsaly

(Matta 22:1-10)

15 Isa bilen saçak başynda oturanlaryň biri muny eşidende, Oňa: «Hudaýyň Şalygynda çörek iýjek adam nähili bagtly!» diýdi. 16Isa hem oňa şeýle diýdi: «Bir adam uly meýlis gurap, birtopar adamy çagyrypdyr. 17Nahar wagty bolanda, ol: „Geliň, ähli zat taýýar“diýip, myhmanlara habar bermek üçin, öz hyzmatkärini ugradýar. 18Emma olaryň hemmesi dilleşen ýaly, ötünç soramaga başlaýarlar. Birinjisi oňa: „Men bir bölek ýer satyn aldym, şony görmäge gitmeli. Haýyş edýärin, meni bagyşla“diýýär. 19Beýlekisi: „Men bäş jübüt öküz satyn aldym, şolary barlamaga barýaryn. Haýyş edýärin, gaty görme“diýýär. 20Ýene biri: „Men täze öýlendim, şonuň üçin baryp bilmeýärin“diýýär. 21Hyzmatkär gelip, bulary öz jenabyna habar berýär. Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Dessine şäheriň köçelerine, ýol-ýodalaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary şu ýere getir“diýýär. 22Hyzmatkär: „Jenap! Seniň aýdanyň ýerine ýetirildi, ýöne entek hem ýer bar“diýýär. 23Onsoň jenap hyzmatkärine: „Öýüm dolar ýaly, obalara, onuň daş-töweregindäki meýdanlara aýlan-da, adamlary geler ýaly et“diýýär. 24Men size şuny aýdaýyn: şol ilkinji çagyrylanlaryň ýekejesi hem Meniň saçagymdan datmaz».
Copyright information for TukLat16