‏ Luke 15:3-7

3Onsoň Isa olara şu tymsaly aýtdy: 4«Sizden biriniň ýüz goýny bar diýeli. Ol bularyň birini ýitirýär. Şonda ol togsan dokuzsyny düzde goýup, tä ýiten goýnuny tapýança, ony gözlemäge gitmezmi? 5Tapanda bolsa, ony begenç bilen egnine alyp gaýdar. 6Öýüne gelip, dostlaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň, ýiten goýnumy tapdym!“diýer. 7Size şuny aýdýaryn: şunuň ýaly toba eden ýeke günäli üçin gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin boljak şatlykdan has uly bolar».
Copyright information for TukLat16