‏ Luke 18:18-30

Baýlyk we baky ýaşaýyş

(Matta 19:16-30; Mark 10:17-31)

18Bir ýolbaşçy Isadan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady. 19Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. 20 aSen tabşyryklary bilýänsiň: adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý» diýip jogap berdi. Ol adam: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin» diýdi. 21 22Isa muny eşidende, oňa: «Seniň ýene bir kemiň bar. Nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. 23Ol bu sözleri eşidip, gaty tukat boldy, sebäbi çakdanaşa baýdy. 24Isa onuň tukatlygyny görüp: «Baýlara Hudaýyň Şalygyna girmek nähili agyr! 25Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi. 26Muny eşidenler: «Onda kim halas bolup biler?» diýip soradylar. 27Isa: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar Hudaý üçin mümkindir» diýdi. 28Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük!» diýdi. 29 30Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny, bala-çagasyny taşlan her kes bu döwürde yzyna ençeme esse artyk edip alar, geljek döwürde bolsa baky ýaşaýşa gowşar» diýdi.
Copyright information for TukLat16