Luke 19:11-27
On hyzmatkär tymsaly
(Matta 25:14-30)
11Bu zatlary diňläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözüniň üstüni ýetirdi. Sebäbi Ol Iýerusalimiň golaýyndady, halk hem Hudaýyň Şalygy basym görner diýip oýlaýardy. 12Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir begzada şalyk sürmäge ygtyýarlyk almak üçin, bir uzak ýurda ýola rowana bolýar. 13Ol hyzmatkärlerinden onusyny ýanyna çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň“diýip, hersine bir horjun pul ▼▼Bir horjun pul – grekçe on mina. Bir mina takmynan üç aýlyk gazanç puluna deňdir.
berýär. 14Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler. 15Emma muňa garamazdan, ol ygtyýarlyk alyp, yzyna dolanýar. Soňra ol pul beren hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, kimiň näme gazananyny bilmek isleýär. 16Birinjisi gelip: „Hojaýyn! Seniň bir horjun puluň on horjun pul gazandy“diýýär. 17Oňa: „Berekella, ýagşy hyzmatkär! Az zatda sadyk bolanyň üçin on şähere häkim bol“diýýär. 18Ikinjisi gelip: „Hojaýyn! Seniň bir horjun puluň bäş horjun pul gazandy“diýýär. 19Hojaýyny oňa hem: „Sen hem bäş şähere häkim bol“diýýär. 20Onsoň üçünji hyzmatkäri gelip: „Hojaýyn! Ine, seniň bir horjun puluň, men ony bir uly ýaglyga düwüp sakladym. 21Men senden gorkdum, sebäbi sen gaty özdiýenli adam. Sen goýmadyk ýeriňden alýarsyň, ekmedik ýeriňden orýarsyň“diýýär. 22Hojaýyny oňa: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyňdan çykan sözler bilen höküm ederin! Asyl sen meniň özdiýenli adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň? 23Onda näme üçin pulumy işletmäge bermediň? Men gelenimde, ony peýdasy bilen alardym“diýýär. 24Onsoň hojaýyn ol ýerde duranlara: „Onuň elinden puly alyň-da, on horjunla beriň“diýýär. 25Olar oňa: „Hojaýyn, onuň özünde öňem on horjun pul bar ahyry!“diýýärler. 26Ol: „Men size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. 27Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa, şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň“diýip jogap berýär».
Copyright information for
TukLat16