aZeb 117:25.

‏ Luke 19:28-40

Isa Iýerusalime uly dabara bilen girýär

(Matta 21:1-11; Mark 11:1-11; Ýohanna 12:12-19)

28 Isa bulary aýdyp bolansoň, ýoluny dowam etdirip, Iýerusalime tarap ugrady. 29Ol Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa golaýlanda, iki şägirdini ýollap, olara: 30«Öňüňizdäki oba baryň. Oba giren ýeriňizde daňylgy duran bir taýhar taparsyňyz, onuň üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Ony çözüň-de, bäri alyp geliň. 31Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?“diýip sorasa, oňa: „Bu taýhar Rebbe gerek“diýiň» diýdi. 32Ýollananlar gidip, baryny Onuň aýdyşy ýaly tapdylar. 33Taýhary çözüp durkalar, onuň eýeleri: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýip soradylar. 34Olar hem: «Bu taýhar Rebbe gerek» diýdiler. 35Taýhary Isanyň ýanyna getirip, üstüne donlaryny atdylar-da, Isany oňa mündürdiler. 36Ol gidip barýarka, adamlar donlaryny ýola düşeýärdiler. 37Isa Zeýtun dagyndan aşak inýän ýola golaýlanda, şägirtleriň hemmesi gören ähli gudratlaryna şatlanyp, batly sesleri bilen Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar. 38 aOlar: «Rebbiň adyndan patyşa alkyş bolsun! Göklerde parahatlyk, iň belentlikde şan-şöhrat bolsun!» diýýärdiler. 39Mähelläniň arasyndan käbir fariseýler Isa: «Mugallym! Şägirtleriňiň agzyny ýumdur!» diýdiler. 40Emma Ol: «Size aýdýaryn: olar dymsa, daşlar gygyryşar» diýdi.
Copyright information for TukLat16