Luke 19:45-48
Isa satyjylary ybadathanadan kowýar
(Matta 21:12-17; Mark 11:15-19; Ýohanna 2:13-22)
45Onsoň Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary kowmaga başlady. 46 aIsa olara: «„Meniň öýüm ybadat öýi bolar“diýip ýazylgydyr, emma siz muny garakçylaryň sürenine öwrüpsiňiz» diýdi. 47Ol her gün ybadathananyň howlusynda sapak berýärdi. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we halkyň baştutanlary bolsa Ony öldürmegiň küýündediler. 48Emma munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, sebäbi ähli halk Ony uly üns bilen diňleýärdi.
Copyright information for
TukLat16