Luke 20:20-26
Imperatoryňky – imperatora
(Matta 22:15-22; Mark 12:13-17)
20 Isany göz astyna alyp, Ony aňtamak üçin, birnäçe dogruçylsumagy Onuň yzyna saldylar. Olar Isany gepde tutup, Ony häkimiň hökümine we ygtyýaryna tabşyrmak maksatlary bardy. 21Şeýlelikde, olar Oňa: «Mugallym! Biz Seniň dogry zady öwredýändigiňi, adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi bilýäris. 22Hany aýt, biziň imperatora salgyt tölemegimiz dogrumy ýa-da dogry däl?» diýip soradylar. 23Isa olaryň hilesine düşünip: 24«Maňa salgyt puluny görkeziň. Bu teňňedäki şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. 25Ol: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. 26Olar halkyň ýanynda Ony sözünde tutup bilmän, beren jogabyna haýran galyp, seslerini çykarmadylar.
Copyright information for
TukLat16