‏ Luke 20:27-40

Direliş barada sowal

(Matta 22:23-33; Mark 12:18-27)

27Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýleriň käbiri Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdi: 28 a«Mugallym! Musa bize bir adamyň dogany perzentsiz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip ýazypdyr. 29Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal alyp, perzent görmän dünýäden ötdi. 30Ikinjisi bilen 31üçünjisi hem şol aýaly aldy. Şeýdip, ýedisi hem şol aýala öýlenip, yzlarynda perzent galdyrman öldüler. 32Ahyrsoňy aýal hem öldi. 33Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn». 34Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu döwrüň adamlary öýlenýändir, durmuşa çykýandyr. 35Emma geljek döwre we ölümden direlişe ýetmäge mynasyp görlenler ne öýlener, ne-de durmuşa çykar. 36Asla ölmezler, sebäbi olar perişdeler ýalydyr. Olar direlişiň perzentleridikleri üçin Hudaýyň perzentleridir. 37 bMusa-da ölüleriň direlýändigini tassyklap, ýanýan çaly baradaky bölümde Rebbi „Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“diýip atlandyrýar. 38Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr, sebäbi Onuň üçin hemmeler diridir». 39Töwrat mugallymlaryň käbiri: «Mugallym, gowy aýtdyň!» diýdi. 40Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.
Copyright information for TukLat16