Luke 20:41-44
Mesih Kimiň Ogly?
(Matta 22:41–23:36; Mark 12:35-40)
41Onsoň Isa olara: «Näme üçin Mesihe Dawudyň ogly diýýärler? 42 aIne, Dawudyň özi Zebur kitabynda şeýle diýýär: „Hudaý Rebbime ▼▼Reb – Zeburda bu söz reb bolup, patyşa ýüzlenilende ulanyldy, bu ýerde bolsa Reb Mesihe degişli.
şeýle sözledi:43Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur“.
44Eger Dawut Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» diýdi.
Copyright information for
TukLat16