aZeb 117:22.
Luke 20:9-19
Üzümçilik we kärendeçiler tymsaly
(Matta 21:33-46; Mark 12:1-12)
9Soňra Isa halka şu tymsaly gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, ony bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak wagtlyk başga ýurda gidýär. 10Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärleriniň birini kärendeçileriň ýanyna iberýär. Emma kärendeçiler ony ýenjip, boş kowup goýberýärler. 11Ol başga bir hyzmatkärini iberýär, kärendeçiler ony-da ýenjip, masgara edip, boş kowup goýberýärler. 12Ol üçünji hyzmatkärini-de iberýär. Olar ony hem ýaralap, kowup goýberýärler. 13Onsoň üzümçiligiň eýesi: „Men näme etmeli? Gel, öz söwer oglumy ibereýin, belki, ony sylarlar“öýdýär. 14Kärendeçiler bolsa ony görenlerinden, özara maslahatlaşyp: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar“diýişýärler. 15Şeýlelikde, ony üzümçilikden çykaryp öldürýärler. Indi üzümçiligiň eýesi bulara näme eder? 16Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer». Halk muny eşidip: «Daş edewersin!» diýdi. 17 aIsa olara bakyp: «Onda „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy“diýen ýazgynyň manysy näme? 18 bKim bu daşyň üstüne ýykylsa, bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar» diýdi. 19Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar.
Copyright information for
TukLat16