Luke 21:12-17
12Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäpli sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler. 13Bu bolsa şaýatlyk etmek üçin size bir pursat bolar. 14Emma siz özüňizi nähili gorajakdygyňyzy öňünden gaýgy etmezligi ýüregiňize düwüň. 15Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler. 16Size ene-ataňyz, doganlaryňyz, garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz hem haýynlyk ederler, käbiriňizi öldürerler. 17Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener.
Copyright information for
TukLat16