‏ Luke 21:29-33

29 Isa olara bir tymsal aýtdy: «Injire, ähli agaçlara serediň. 30Olaryň ýapraklandygyny görüp, tomsuň golaýlandygyny öz-özüňizden bilýärsiňiz. 31Şonuň ýaly hem, bu wakalaryň bolanyny göreniňizde, Hudaýyň Şalygynyň golaýlandygyny biliň. 32Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. 33Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
Copyright information for TukLat16