‏ Luke 22:14-20

14Nahar wagty bolanda, Isa resullary bilen saçak başyna geçdi. 15Isa olara: «Men bu Pesah naharyny ejir çekmezimden öň, siziň bilen bile iýmegi gaty arzuw edipdim. 16Çünki Hudaýyň Şalygynda Pesah naharyny iýmek üçin hemmämiz ýygnanýançak, Men ondan gaýdyp iýmerin» diýdi. 17Isa eline bir käse alyp şükür etdi-de: «Muny alyň-da, içiň. 18Size şuny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygy gelýänçä, şeraby gaýtadan içmerin» diýdi. 19Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin gurban edilýän bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. 20Şeýle hem nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir.
Copyright information for TukLat16