‏ Luke 22:31-34

Isa Petrusyň inkär etjekdigini aýdýar

(Matta 26:31-35; Mark 14:27-31; Ýohanna 13:36-38)

31Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Eý, Simun, Simun! Şeýtan sizi bugdaý ýaly sowurmak üçin diledi. 32Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin dileg etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleniňde, doganlaryňy kuwwatlandyr» diýdi. 33Petrus: «Agam! Men Seniň bilen zyndana-da, hatda ölüme-de gitmäge taýýar» diýdi. 34Isa: «Petrus, saňa diýýärin, sen bu gün horaz gygyrmazdan öň, Meni tanamaýandygyňy üç gezek aýdarsyň» diýdi.
Copyright information for TukLat16