Luke 22:39-46
Isa Zeýtun dagynda Hudaýa dileg edýär
(Matta 26:36-46; Mark 14:32-42)
39 Isa daşary çykyp, hemişekisi ýaly Zeýtun dagyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler. 40Ol ýere baranlarynda, Isa olara: «Synaga düşmez ýaly dileg ediň!» diýdi. 41Özi bolsa olardan bir daş atym çete çekildi-de, dyza çöküp: 42«Eý, Atam! Eger isleseň, bu hasrat käsesini Menden sowa geçir! Ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etmäge durdy. 43Gökden bir perişde görnüp, Ony güýçlendirdi. 44Ol agyr gama batyp, yhlas bilen Hudaýa dileg etdi. Isadan akýan der ýere damýan gan damjalary ýalydy. 45Dileg edip bolandan soň turup, Isa şägirtleriň ýanyna geldi. Olaryň uklap ýatandyklaryny gördi, olar gaýgy-hasratdan ýaňa tapdan düşüpdiler. 46Isa olara: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Synaga düşmez ýaly, turuň-da, Hudaýa dileg ediň!» diýdi.
Copyright information for
TukLat16