‏ Luke 22:47-53

Isa tutulýar

(Matta 26:47-58; Mark 14:43-54; Ýohanna 18:3-11)

47Ol entek gepläp durka, bir mähelle peýda boldy. Onkileriň biri Ýudas mähelläniň öňüne düşüp gelýärdi. Ýudas Isany ogşajak bolup, Onuň golaýyna geldi. 48Isa oňa: «Eý, Ýudas! Sen bir ogşuk bilen Ynsan Ogluna haýynlyk edýärsiňmi?» diýip sorady. 49Isanyň ýanyndakylar näme boljagyny görüp: «Eý, Agam! Gylyç bilen uralymy?» diýdiler. 50Olaryň biri baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň sag gulagyny kesdi. 51Emma Isa: «Hany, bes ediň!» diýdi. Onsoň hyzmatkäriň gulagyna elini degrip, ony sagaltdy. 52Onsoň Isa Özüni ele salmaga gelen ýolbaşçy ruhanylara, ybadathananyň goragçylaryna, ýaşululara ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? 53Men her gün siziň bilen birlikde ybadathanadakam, Meni tutmandyňyz. Emma indi bu pursat siziňkidir, tümlügiň höküm sürýän sagadydyr» diýdi.
Copyright information for TukLat16