Luke 22:58-62
58Az salymdan soň başga biri ony görüp: «Sen hem şolardan» diýdi. Emma Petrus: «Gardaş, men olardan däl» diýdi. 59Aradan bir sagada golaý wagt geçensoň, başga bir adam: «Dogrudan-da, bu adam Onuň bilen biledi, sebäbi bu jelileli» diýdi. 60Emma Petrus: «Eý, gardaş, men seniň näme aýdýanyňy bilemok» diýdi. Edil şol wagt, Petrus gepläp durka, horaz gygyrdy. 61Reb Isa gaňrylyp, Petrusa seretdi. Petrus Rebbiň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady. 62Petrus daşary çykyp, möňňürip aglady.
Copyright information for
TukLat16