‏ Luke 22:63-71

63Isany saklaýan adamlar Ony masgaralap, urmaga başladylar. 64Gözüni daňyp: «Hany, welilik et! Seni uran kim?» diýip soradylar. 65Ýene-de Oňa ençeme hapa sözler aýtdylar.

Isa mejlisiň öňünde

(Matta 26:59-66; Mark 14:55-64; Ýohanna 18:19-24)

66Daň atanda, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary halkyň beýleki ýaşululary bilen ýygnanyşyp, Ony özleriniň mejlisine getirdiler. 67Olar Isadan: «Bize aýt, Sen Mesihmi?» diýip soradylar. Isa olara: «Aýtsam, ynanmarsyňyz; 68sorasam, jogap bermersiňiz. 69Emma mundan beýläk Ynsan Ogly gudratly Hudaýyň sagynda oturar» diýdi. 70Olaryň hemmesi: «Onda Sen Hudaýyň Ogly-da?» diýip sorady. Isa olara: «Meniň Kimdigimi özüňiz aýdyp dursuňyz» diýip jogap berdi. 71Olar: «Bize mundan başga şaýatlyk nämä gerek? Biz muny Onuň Öz dilinden eşitdik ahyry» diýişdiler.
Copyright information for TukLat16