‏ Luke 22:7-23

Pesah nahary

(Matta 26:17-30; Mark 14:12-26; Ýohanna 13:21-30; 1 Korintoslylar 11:23-25)

7Pesah janlysynyň soýulýan güni, ýagny Petir baýramy ýetip geldi. 8Isa: «Gidiň-de, biziň üçin Pesah naharyny taýýarlaň» diýip, Petrus bilen Ýohannany iberdi. 9Olar: «Ony nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar. 10Isa olara: «Şähere gireniňizde, küýzede suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz. Yzyna düşüp gidiň-de, onuň giren öýüne giriň. 11Onsoň öý eýesine: „Mugallym senden şägirtlerim bilen Pesah naharyny iýer ýaly, myhman otagy nirede diýip soraýar“diýiň. 12Ol hem size ýokarky gatda ähli zat taýýarlanyp goýlan giň bir otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlyk görüň» diýdi. 13Olar gitdiler we ähli zady Isanyň aýdyşy ýaly tapyp, Pesah naharyny taýýarladylar.

14Nahar wagty bolanda, Isa resullary bilen saçak başyna geçdi. 15Isa olara: «Men bu Pesah naharyny ejir çekmezimden öň, siziň bilen bile iýmegi gaty arzuw edipdim. 16Çünki Hudaýyň Şalygynda Pesah naharyny iýmek üçin hemmämiz ýygnanýançak, Men ondan gaýdyp iýmerin» diýdi. 17Isa eline bir käse alyp şükür etdi-de: «Muny alyň-da, içiň. 18Size şuny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygy gelýänçä, şeraby gaýtadan içmerin» diýdi. 19Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin gurban edilýän bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. 20Şeýle hem nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir. 21Ine, Maňa haýynlyk etjek adam Meniň bilen bir saçagyň başynda otyr. 22Hawa, Ynsan Ogly öňünden bellenişi ýaly jan berer, emma Oňa haýynlyk edeniň halyna waý!» diýdi. 23Olar muny kimiň etjekdigini biri-birlerinden sorap başladylar.
Copyright information for TukLat16